“Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasy ýaňy-ýakynda buýan kökünden gerdejik görnüşli täze derman önümçiligine başlady.
Bilşimiz ýaly buýan köki ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mal bolup, ol C witaminine we efir ýagyna baýdyr. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40% artyk bolup durýar.
“Türkmendermansenagat” birleşigi diňe bir ýurdumyz üçin ýokary hilli derman serişdeleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän eýsem, daşary ýurt kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.
Belläp geçsek, Türkmenistan bilen Germaniýanyň Essen uniwersitetiniň barlaghanasynyň arasynda buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmegiň tejribesi barada ylalaşyga gol çekildi. Häzirki wagtda bolsa buýandan taýýarlanylan täze dermanlyk serişdeleri önümçilige girizildi.
Buýanyň keselleri bejermekde, kesellere garşy durnuklylygy ýokarlandyrmakda, saglygy dikeltmekde oňaýly täsirleri bar. Halk lukmançylygynda buýan köki sowuklama garşy, böwrek daş kesellerinde, immun ulgamyny berkitmekde giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzda buýandan diňe bir derman serişdeleri taýýarlanman eýsem-de ondan toşap, melhem çaýlary hem öndürilýär.
Aýjeren ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.
Teswirler