Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji Olimpiýa medalynyň eýesini sylaglady

21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni – Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyny gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at berildi. Döwlet Baştutanynyň adyndan oňa ähli amatlyklary bolan öýüň hem-de «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy. Mundan başga-da, P.Gurýewa 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok