Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda “Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week)” geçirilýär. Bu hepdelik indi 1990-njy ýyldan bäri bellenilip geçilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-nyň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.
“Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week)” dünýä ýurtlarynyň 170-den gowragynda amala aşyrylýar. Bu hepdeligiň maksady zenanlary ene süýdüniň çaga saglygyna peýdalydygy barada habardar etmekdir.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) alty aýa çenli çagany diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi, soňra goşmaça iýmitlendirmek bilen birlikde, çaga azyndan iki ýaşaýança, ene süýdüni bermegi maslahat berýär. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi dünýä ýurtlarynyň ählisinde 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralagynda geçirilýär. Onuň maksady – jemgyýetçilik köpçüligine ene süýdüniň çagany keselleriň köpüsinden gorap biljekdigini düşündirmekdir. Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Çemen ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler