Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbi tutuldy

14-nji iýulda Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň gurluşygyny alyp barjak potratçy bäsleşik esasynda kesgitlener. Bu halkara toplumyň ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär.

200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.

Ýene-de üç ýyldan bu ýerde döwrebap howa menzili bina ediler, dürli kysymly howa gämileri uçup-gonar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, düýbi tutulýan täze Halkara howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.

2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleriniň işe girizilendigini ýatlatmalydyrys. 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumy açyldy. Geçen aýda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanylmaga berildi. Ine, bu gün bolsa Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Sebit we sebitara üstaşyr ulag gatnawlarynda bu howa menziline möhüm orun degişlidir.

Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok