«Arkadag» myhmanhanasy Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna baýramçylyk sowgady boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr.

14 gatly myhmanhananyň beýikligi — 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Şeýle hem bu ýerde “Ak öý” görnüşinde gurlan milli aşhana bar.

Myhmanhananyň 13-nji gatynda dynç almak we dabaraly çäreleri geçirmek üçin hemme şertler döredilen “Mekan” diýlip atlandyrylan restoran ýerleşýär. Özboluşly nusgawy görnüşli bezeg aýratynlyklary bolan restoranda myhmanlaryň gözel paýtagtymyzy hem-de Köpetdagyň ajaýyp gözelligini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.

Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda birnäçe restoranlar we çaýhanalar bar. Şeýle hem internet kafe, ýüzüş howzy bolan SPA zolaklary, saunalar, kosmetika otaglary, çagalar üçin niýetlenen oýun otaglary, myhmanhananyň üsti açyk çäklerinde sport meýdançalary myhmanlaryň hyzmatynda bolar.

Bu ýerde dürli derejedäki gepleşikleri geçirmek üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän birnäçe maslahat zallary göz öňünde tutulypdyr. Olaryň üpjünçilik derejesi, häzirki zaman tehnikalary we sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylmagy halkara derejedäki çäreleri guramaga mümkinçilik berýär.

Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr. Binanyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, saýaly baglaryň, dürli gülleriň ekilmegi, şeýle hem dury suwly derýanyň geçmegi bilen bu ýerde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar şanly senäniň hormatyna mynasyp baýramçylyk sowgady bolar. Bu desgalar güýçli depginler bilen ösýän ajaýyp paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrar.

Hydyr Ýollyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok