Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň bilim hakyndaky kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň bilim pudagynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň Rektorlary, Mejlisiň deputatlary we wagyzçylar topary gatnaşdylar. Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew alyp bardy. Ilkinji söz nobaty Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanowa berildi. Ol hem biziň ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilimi ösdürmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýeläp, dünýä standartlaryna laýyk derejede kämilleşdirmek ýaly ýerine ýetirilýän derwaýys işler barada aýdyp geçdi. Soňra bolsa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy bölüminiň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň deputaty Bahar Seýidowa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory Baýram Bäşimow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň profesory Amanguly Magtymow, Türkmenistanyň oba-hojalyk uniwersitetiniň professory Italmaz Saparlyýew we başga-da myhmanlar özleriniň nutuklary, oý-pikirleri we hoşallykdyr-alkyşlary bilen çykyş etdiler. Bu maslahat Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri bilen jemlendi.
Näzik AKMYRADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň “Telewideniýe režissurasy”
hünariniň II ýyl talyby.
Teswirler