Dabara uniwersitetiň prarektory Göwher Akmyradowanyñ açylyş çykyşy bilen başlady. Uniwersitetiň 2014-nji ýyldan açylan gününden bäri ýeten sepgitleri barada aýdyp geçdi. Soňra guramaçylar gün tertibini mälim edip, myhmanlara, mekdep okuwçylara sergi nokatlaryny we açyk sapaklara gatnaşmaga çagyryldy. Uniwersitetiñ höwesjeñ talyplaryndan düzülen meýletinler topary tarapyndan uniwersitetiň fakultetleriniň sergi nokatlary, görkezme çykyşlary görkezildi. Talyplar öz döredijiliklerini, hünär başarnyklary, talyp durmuşy barada gelen myhmanlara maglumat berdi. Ýokary okuw mekdebiň fakultetleri we talyp guramalary baradaky sergi nokatlary dabara gelen myhmanlaryň, mekdep okuwçylarynyň ünsüni öz üstüne çekdi. Käbir talyplar öz proýektleri we uniwersitetiñ içinde açylan dürli “Club”-lar bilen tanyşdyrdy. Gelen myhmanlar islendik auditoriýa girip, açyk sapaklara gatnaşmaga mümkinçilik berildi we oňa gatnaşýan ýaş myhmanlar üçin geljekki hünärlerini saýlamak üçin umumy düşünje berdi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda 5 fakultetde 14 kafedra hyzmat berýär:
- filosofiýa,
- sosiologiýa,
- halkara halk hukugy,
- halkara şahsy hukuk,
- halkara gatnaşyklar we dünýä syýasaty,
- žurnalistika,
- halkara ykdysadyýet,
- halkara söwda,
- halkara maliýe,
- ätiýaçlandyryş,
- halkara menejment,
- kompýuter tehnologiýalar,
- softweýr we maglumat,
- kommunikasiýalar tehnologiýalary.
Häzirki wagtda bakalawr we magistratura okuwlary berilýär. Daşary ýurtly birnäçe uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk edýär
Şaperi Gurbanberdiýewa
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ
Žurnalistika hünäriniñ talyby
Teswirler