Olimpiadanyň jemleri jemlendi

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça geçirilen olimpiadanyň jemi jemlendi.

Ýaňy ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça geçirilen iki basgançakdan ybarat bolan estafeta ýaryşy tamamlandy. Bu barada ýurdumyzyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazedi habar berdi. Bu ýaryş Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde gurnaldy. Olimpiadanyň jemleýji tapgyry Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internadynyň esasynda geçirildi.

Netijelere görä, baş baýraga 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň gutardyş synp okuwçysy Gunça Atamammedowa;

1-nji ýere 72-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Aýtäç Hajiýewa;

2-nji ýere 27-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Gülnar Ataýewa;

3-nji ýere 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Hatyja Nuryýewa dagylar mynasyp boldular.

Ähli ýeňijileri diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladylar.

Çäräni gurnaýjylar bu olimpiada dil medeniýetini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek höwesini artdyrmak, dil endiklerini artdyrmak üçin geçirilendigini bellediler. Bäsleşigiň şertleri diňe bir mekdep maksatnamasyndan bolman, eýsem okuwçylaryň özbaşdak  okaýyşlaryna, şeýle-de okuwdan boş wagtlary geçirilýän “dilleriň hepdeligi” esasynda düzüldi.

Mekdepleriň arasyndaky dil olimpiadalar indi ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam eder.

 Şeker HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok