Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak ýurt Baştutanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda adam saglygyna, bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär.
Ýakynda ”Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda sportly ülkämizde sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giň gerim bermek, ýaşlary sagdyn ruhda terbiýelemek maksady bilen “Sagdyn durmuş ýörelge – Arkadagymyz görelde” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Mary şäher geňeşiniň, Mary şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň we Mary şäherindäki Ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynyň baş sebäbi ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sagdyn ruhly berk bedenli ýaşlary kemala getirmekdir. Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny goldap, sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyny, spotuň her bir türkmenistanlynyň ýakyn hemrasyna öwrülýändigini belläp geçdiler.
Aknabat Atabaýewa
Mary şäherindäki №6 sport
mekdebiniň okuw-sport işleri
boýunça direktoryň orunbasary
Teswirler