Sanly tehnologiýanyň ykdysadyýeti ösdürmekde wezipeleri

     Informasiýanyň  jemgyýetde tutýan  orny şu günki günde  has-da ýokary galýar,  bu bolsa öz gezeginde  adamlaryň oňa bolan garaýşynyň çylşyrymlaşmagyny talap edýär. Ol talaplary ýerine ýetirmek, informasiýa akymlarynyň howpsyzlygyny üpjün etmek we innowasion infokommunikasiýalary önümçilige ornaşdyrmak aragatnaşyk ulgamynyň paýyna düşýär. Global Informasiýa Jemgyýetinde (GIJ) –  aragatnaşyk pudagynyň ösüş derejesi döwletiň sosial, strategiki, intelektual we ykdysady potensialyna täsir edýän kesgitleýji faktor hasaplanýar. 

      Häzirki wagtda bütin dünýäde aragatnaşyk ulgamlary önümçiligiň  ähli ugurlaryna: senagatda, saglygy goraýyşda, ylym-bilimde we başgada ençeme sosial wajyp pudaklara ornaşdyrylmagy olaryň  integrirleşme prosseslerini çaltlaşdyrýar. Netijede telekommunikasiýa we informasion tehnologiýalar ähli durmuş-ykdysady taýdan wajyp ugurlara  berk aralaşyp, olaryň ykdysady ýagdaýlaryna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda bu ulgamyň sosial aspekti hem täze derejä çykýar. Döwlet derejesinde ýeke-täk bir umumy elektron maglumatlar bazasynyň döredilmegi statistiki resminamalaryň dolanşygyny we administratiw işleriniň netijeligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Hut şonuň üçin hem öňden görüjilikli syýasatyny amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bir hatarda, halkyň intelektual potensialyny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirýän reformalary şu günden öz miwelerini berip başlady. Eziz diýarymyzda informasion – kommunikasiýalary ösdürilmegine gönükdirilen taslamalar yzygider durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda: elektron şahsyýetnamalary tapgyrlaýyn işe girizmek, sanly bilim, sanly ykdysadyýet, elektron resminamalar dolanşygy we beýlekileri bellemek bolar.

      Dünýäniň tehnologiki ösüşi diňe öňe barýar. Ol durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşýar. Aragatnaşygyň usullary we zähmetiň gurnalyşy, okatmagyň we boş wagty peýdalanmagyň görnüşlerini üýtgedýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri milli Liderimiziň  tabşyrygyndan ugur alyp, öňdebaryjy tejribeleri, oňyn amalyýetleri öwrenýärler we özleşdirýärler. Munuň özi diňe bir taýyn çözgütleriň we “nou-haularyň” daşyndan getirilmegine däl-de, eýsem, öz milli ylmy-tehnologik mümkinçiliklerine esaslanýan nusgasydyr. XXI asyryň global ösüşi aragatnaşyk ulgamlarynyň okgunly ösüşine baglydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine, ýurdumyzyň iň çetki künjeklerine hem internet ulgamyny giňden aralaşdyrmaga,  aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini, görnüşlerini we möçberlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar toplumynyň amala aşyrylmagyna girişdi. Sanly ulgama geçirilmegi türkmen halkynyň eşretli durmuşynyň,  abadan ýaşaýşynyň kepili bolar.

Sapargeldi TILEWOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok