Mugallymlar güni haçan bellenilýär?

Eger-de mugallymlar güni haçan bellenýär diýip sorag bilen ýüzlenen-de belli bir jogap bermek kyn. Sebäbi dünýäniň dürli ýurtlarynda tapawutly senelerde bellenilýär.

Emma ÝUNESKO-nyň kabul eden jarnamasy esasynda 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabry Bütindünýä Mugallymlar güni hökmünde bellenilýär. Şuňa görä esasan-da ýokary okuw edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we iş şertlerinini gowylandyrmak maksady bilen BMG-nyň Durnukly ösüş maksatnamasynyň esasy meselesi bolan Bilim pudagyndaky ösüşi, ilki bilen mugallymlary öz üns merkezine alýar. Dünýäde mugallymçylyk kärine höwesi döretmek bilen degişli soraglar zerur meseleriň sanawynda bolmaga dowam edýär.

5-nji oktýaby Bütindünýä mugallymlar güni diýip yglan edilmegine ÝUNISEF, BMG Ilat gaznasy, Halkara zähmeti goraýyş guramasy, Halkara bilim guramasy hem goşuldy.

Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Dil öwreniş talyplarynyň ýokary okuw jaýynda bilim alyp başlanyna ýaňy bir aý töweregi wagt geçen hem bolsa, topardaşlar birbiri bilen ysnyşyp, okuw prosesine girişip gitdiler. Munda elbetde mugallymlaryň hem öz degerli goşandy bar.

Talyplar öz gezeginde mugallymlaryny şu dabaraly günde ýatdan çykarmady. Okuw jaýynyň synplary bezeldi, taýýarlyklar görüldi. Mugallymlara gül desseleri berildi we sýurpriz konsert gurnaldy. Konsertde ýokary okuw mekdebindäki dürli gurnaklaryň goşant goşmagynda aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy. Şeýle-de gysga wideorolik görkezildi. Rolikde ýaşlar mugallymlaryna 3 dilde gutlaglaryny ýetirýär. Wideo ýazgynyň işlenişi ýönekeý hem bolsa, ilkinji gezek taýýarlaýanlar üçin oňat netije we talyplaryň geljekde uly potensialyny bardygyndygyny delili.

Bütindünýä Mugallymlar günüňiz gutly bolsun, mähriban mugallymlar!

Annasähet Amangeldiýew
HYYwÖU-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok