“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda biziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, şeýle-de ýaş nesilleri sagdyn durmuşa çekmek bilen baglanyşykly uly işler amala aşyrylýar. Bulara mysal edip, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň sport merkezleriniň arasynda geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklaryny aýdyp bolar. Şeýle duşuşyklar sportuň futbol, woleýbol, basketbol, tennis, badminton we başga-da dürli görnüşler boýunça geçirilýär, we olar hem öz gezeginde talyplaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, türgenlige ymtylyp, dünýä münberlerinde ýeňiji bolup, ýurdumyzyň tuguny belentde parlatmagy özlerine maksat edinmekde gaty wajyp orna eýedigini bellemek gerekdir. Şeýle duşuşyklar esasanam, talyp ýaşlarda ýene bir häsiýeti kemala getirýär: ol hem hoşniýetlilik bilen adamkärçilik bolup durýar. Hakykatda sport äleminde bäsdeşlik hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär. Ýöne, ýoldaşlyk duşuşyklarynyň özenine dostlyk, parahatçylyk ýaly birnäçe ynsanperwer duýgulary siňdirilendir. Gepiň gysgasy, sportuň islendik görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirilende dostluk ýeňiji bolýar diýip aýdyp bileris. Köp halatlarda bolsa, iki tarap hem gönüden-göni deňe-deň bolan ýagdaýynda oýun jemlenýär.
Biz hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sport merkezinde talyplardan düzülen toparlar bilen ýurdumyzyň dürli okuwlarynyň hem talyp-türgenleri bilen özara ýaryşlary, bäsleşikleri gurnaýarys. Şol ýaryşlarda gazanylan üstünlikler we goýberilen kemçilikler bize täze-täze zatlary açýar. Bir söz bilen aýtsak, biz talyplar sport kluby bolup, ata-Watanymyzda geçiriljek halkara ýaryşlaryna, uniwersiýadadyr-olimpiadalara häzirden taýýarlyk görýäris.
Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan her bir tutumly işleri bolsa, mydama rowaç alsyn!
Begmyrat BALAKAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar sport klubynyň başlygy.
Teswirler