Üns beriň: okuwa kabul edişlik!

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildirýän, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýändigini habar berýäris.

2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

3. Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren dalaşgärlerorta mekdebiň okuw maksatnamasynyň çäklerinde, döwlet dilinde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler esasynda kabul edilýär.

4. Dalaşgärler ýazgyda duran ýerleri boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleriniň adyna 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly. Dalaşgärleriň resminamalary ýerli etrap we şäher harby wekilliklerinde kabul edilýär.

5. Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

Kabul ediş topary.

Teswirler

Begenç

Salam. Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk institudynyň giriş synag - sowallary barada maglumat berip bilersiňizmi?