“Gülzemin” raýatlaryň hyzmatynda

Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyry gurulup ulanylmaga berildi. Beýleki tapgyplar bilen bir hatarda bu tapgyrda hem raýatlara ýaşamaga, oňat dynç almaga we ýene-de birnäçe mümkinçilikler döredilen. Bu barada Turkmenportal web saýty habar berýär.

Tapgyryň çäklerinde raýatlaryň wagtlaryny oňaýly geçirmekleri üçin niýetlenen binalaryň biri hem ” Gülzemin” söwda-dynç alyş merkezidir.

3 gatly binanyň tutýan meýdany 3.8 gektara deňdir. Bina 2 sany (400 we 800 orunlyk) toý dabaralaryny geçirmeklik üçin zaldan, 200 we 100 orunlyk restoran we 5 sany çayhanadan ybaratdyr.

Mundan başga-da söwda merkezinde 90 orunlyk kino zallaryň ikisi, çagalaryň oňat dynç almagy üçin oýun meýdançalarynyň 4-si we birnäçe attraksionlar ýerleşdirilipdir. Özüniň ýokary hilli harytlary bilen raýatlaryň hyzmatynda boljak marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si gapysyny giňden açdy.

Rüstem BERDIÝEW
TDBGI-niň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok