Mertebesi belent Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisine-de bütindünýä ylmy jemgyýetçiliginiň iň soňky gazananlaryna esaslanýan tehnologiýa enjamlary bilen sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy, biz bilim işgärleriniň dünýägaraýşynyň has döwrebap derejede giňemegine uly mümkinçilikleri döretdi. Milli Liderimiziň paýhasly başlangyjy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlaşdyrmakda alnyp barylýan örän giň möçberli işler mukaddes Watanymyzyň BMG-niň 2030-nji ýyla çenli meýilleşdiren durnukly ösüş maksadynyň bilim ulgamyna bagyşlanan dördünji global maksadyny üstünlikli amala aşyrýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda bütindünýä ylmy jemgyýetçiligi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşi nazarlaýan 17 sany global maksadynyň ählisine ilkinji nobatda bu maksadyň bilim ulgamyny düýpli özgertmeklige bagyşlanan 4 maksadyny üstünlikli amal etmeklik arkaly, ýagny bilim ulgamyny sanlaşdyrmaklygyň netijesinde ýetip boljakdygyny tassyklaýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, biziň ýurdumyz 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli adyl syýasatynyň netijesinde kabul etdi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilmiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrmaklyk meýilleşdirilen bu Konsepsiýanyň birinji tapgyry häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mukaddes ata Watanymyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” birinji tapgyryny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerine “sanly bilim ulgamy” portaly ornaşdyrylýar. Bu bilim portaly özünde “Elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler” ýaly bölümleri jemleýär. Ähli amatlyklary, mümkinçilikleri, köpugurly ýeňillikleri bolan “Sanly bilim ulgamy” portalynyň üsti bilen bilim derejesi has-da ýokarlanýar we wagt tygşytlanýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlaşdyrmaklykda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeler Milli Liderimiziň: “Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň ösüşini çaltlandyrýarys.” – diýen parasatly paýhasynyň iş ýüzünde amala aşýandygynyň durmuşy beýanydyr.
Güljahan HAKBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Teswirler