Genesis G90

2015-nji ýylyň dekabr aýynda Günorta Koreýada milli awtomobil sergisinde Hyundai kompaniýa özüniň ýokary derejeli markasy bolan Genesis G90 görkezdi. Genesis G90 ilki başda Günorta Koreýanyň içinde EQ 900 ady bilen satyldy. Emma 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Hyundai kompaniýa Genesis G90 täzelenen görnüşini görkezip bu awtomobili dünýä bazaryna hödürläp başlady.
Genesis G90 daş keşbiniň dizaýnyny Hyundai kompaniýany esasy dizaýneri bolan Belgiýaly Lýuk Donkerwolke üstünde işlän. Awtomobiliň öň tarabynyň gözenegi ullakan galkan görnüşinde bolup, özüniň üýtgeşik diod optikasy bilen özüne çekijidir.

Genesis G90 salony ýokary hilli gönünden hem-de arassa we ýokary derejeli agaçdan ýasalyp awtomobiliň otyrgyçlary örän rahatlylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin awtomobiliň öňündäki otyrgyçlary 22 görnüşde elektro sazlaýjyly bolup, bulary sazlap bolanyňdan soň ýatda saklamak hem-de sürüjiniň figurasyna göra awtomobiliň otyrgyjyny awtomatik ýagdaýda sazlap hem bolýar.

Mundan başga-da awtomobiliň salonynyň öňünde ullakan 12,3 dýumlyk displeý ýerleşdirilip. Bu displeý bilen awtomobiliň içinde dürli sazlamalary geçirip bolýar. Awtomobiliň yzky otyrgyçlarynda otyrjak myhmanlar üçin ýörite niýetlenen 9,2 dýumlyk ýokary derejeli displeýler ýerleşdirilendir.

    Genesis G90 3 görnüşli motorda hödürlenip.
Olar:3,8 litr V6 bolup 315 at güýje barabar.
5 litr V8 bolup 425 at güýje barabar.
Ilkinji gezek 3,3 litr V6 twin-turbo motory ullanylyp ol 370 at güýje barabardyr.

Hyundai kompaniýa özüniň Genesis G90 awtomobilinde özüniň ýönekeý komplektasiýasynda hem 3 zonaly klimat kontrol, ses ýatyryjy 2 gat aýna hem-de smartfonlar üçin simsiz zarýat bermek ýaly tehnologiýalar bilen çäklenmän, bulardan başgada Lexicon atly ýokary derejeli audio sistema, yzky otyrgyçlar üçin 14 görnüşde elektro sazlaýjy, 360 gradus kamera hem-de magistral ýollarda awtomobil ýoly saklamak ýaly dürli funksiýalary hödürleýär.

Genesis G90 3,3 litr V6 twin-turbo motorda hödürlenýär görnüşleriniň bahalary:

Genesis G90 Elite 4WD-  91 480$
Genesis G90 Royal 4WD-  98 000$

Teswirler

Abdulkerim Hamedow

Ýok bolaýmasa. Ýöne Genesis G80 sport bar.

Sapar

Türkmenistanda bamyka bu maşyn?