Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Talyplaryň arasynda nobatdaky gezek geçirilýän sport ýaryşlary ussatlary ýüze çykarar. Özboluşly sport baýramçylygyň açylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu çäre ýurdumyzda sportuň belent ösüşler bilen utgaşýandygyny äşgär etdi. Dabarada çykyş edenler köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige uly üns berýänligi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler.
Talyplaryň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň badalga berilmegine bagyşlanan dabara özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Olar döredijilikli işleriň dabaralanmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýörelge hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli dünýä ähmiýetli işleriniň esasyny düzýär. Sportuň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde ýokary netijeleri gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýändigini durmuş aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşmek bilen özleriniň ussatlyklaryny görkezerler. Ýaryşlar türgenlerimiz üçin halkara oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyrydyr.
Kemal Amangeldiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler