Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça ýurdumyz bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok