2020-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.
Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Ýokary derejede syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigi aýratyn nygtaldy.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda iki döwletiň syýasy ulgamdaky özarahereketleriniň aýrylmaz bölegini düzýän parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň durmuşa geçirýän netijeli we önjeýli işleriniň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň ykdysady, şol sanda syýasy özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna, şonuň ýaly-da türkmen bazarynda ýapon maýa goýumynyň işjeňliginiň artdyrylmagyna itergi berýändigini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçä ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Katsumata Takahiko döwlet Baştutanyna we DIM-niň ýolbaşçysyna özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini netijeli durmuşa geçirmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy we hemaýaty üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
Teswirler