«Akar» haryt nyşanyly dürli görnüşli joraplar öndürilýär

2018-nji ýylda işe girizilen ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde «Akar» haryt nyşany bilen öndürilýän joraplar hil derejesiniň ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Öndürilip başlananyna köp wagt geçmedik hem bolsa, bu ekologiýa taýdan arassa, eksport ugurly önümlere diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem isleg döredi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan bu kärhananyň önümçilik bölüminde ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, daşary ýurtlardan getirilýän joraplardan pes bolmadyk joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçiligi bar.

Örme bölümi esasy bölüm bolmak bilen, ol ýerde işler üç çalşykda alnyp barylýar. Bu bölümde erkekler, aýallar we çagalar üçin joraplar öndürilýär. Taýýar önümleriň hili gözden geçirilenden soňra, gaplama bölüminde gaplanylýar.

Kärhanada ýaşlaryň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti netijesinde her aýda dürli görnüşli joraplaryň jemi 500 müň jübüti öndürilýär.

Öwezgeldi Muhammetgulyýew,
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok