Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak wakalar, seneler bolup geçýär. Şeýle wakalaryň biri hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyz üçin şöhratly seneleriň biri hökmünde türkmen halkynyň taryhyna girdi. Bu gün Türkmenistan ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesini aldy. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhynda müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanç çeşmesine öwrüldi.
Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti uludyr. Asuda diýarymyzyň Bitaraplyk derejesini almagy türkmen
halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik syýasatynyň aýdyň şaýady bolup durýar. Türkmenistan ýurdumyz goňşy döwletler bilen hem-de dünýädäki ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar.
Hormatly Prezidentimiz: ”Bitaraplyk-bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr” diýip belleýär. Bilşimiz ýaly 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda BMG-niň howandarlyk etmeginde “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatynda Hormatly Prezidentimiziň eden çykyşy aýratyn orny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz ol çykyşynda 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip bellemegi teklip etdi. 2017-nji ýylyň fewralynda geçen BMG-niň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek barada degişli resminama kabul edildi.
Indi her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda we bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni toý-dabara bilen uludan bellenilýär. Bu biziň halkymyz, döwletimiz üçin Bitaraplygyň bahasyna ýetip bolmajak mukaddes gymmatlykdygyny görkezýär.
Şeýle ajaýyp zamanany, berkararlygy, bagtyýarlygy peşgeş berýän, türkmeniň mertebesiniň has-da belende göterilmegi ugrunda tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag bolup umumyadamzat bähbitli beýik başlangyçlary, döwlet ähmiýetli tutumlary rowaç alsyn!
Şasenem HAÝTBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler