UFC-242: Habib Nurmagomedow(RUS) vs Dastin Poirier(ABŞ)

Häzirki wagtda ähli adamlaryň ünsini özine çekýän UFС guramasy özüniň täze uruşlaryny habar berýär. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 7-sine bolup geşjek UFC 242 atly bu dabarada esasy uruşyň biri bolan Russiýanyň göreşijisi Habib Nurmagomedow bilen ABŞ-nyň göreşijisi Dastin Poirieriň arasynda bolup geşjek göreş millionlarça janköýerler garaşýar. Bu göreş Birleşen Arab Emirlikleriň Abu-Dhabi şäherinde bolup geçer.  Habib Nurmagomedow özüniň UFC-däki karýerasynda 27 göreş geçirip onuň hiç birinde hem ýeňilmedikdir. Garşydaşy Dastin Poirier bolsa 31 duşuşyk geçirip onuň 25-si ýeňip 1 deňe-deň 5-si bolsa ýeňilendir. Bilşimiz ýaly 2018-nji ýylda Habib bilen Konoryň arasynda bolan göreşden soňra Habib Nurmagomedowa 9 aý uruşmasyz jerime berildi. Şol wagtdan bäri Habib uruş geçirmedi. Emma ýeňil agramyň hakyky kemeri Habibiň elindedir. Şol 9 aýyň dowamynda Dustin Poirer özüniň garşydaşy Maks Halloweý bilen geçiren duşuşykda ýeňil agramda wagtlaýyn kemeri almagy başardy. Netijede UFC 242-de bolup geşjek esasy uruş iki sany Çempionyň arasynda bolup geçmelidir. UFС 242 Türkmenistanyň sagadynda 23:00 da başlar. Şeýle hem bu dabarada jemi 13 sany duşuşyk bolup, olaryň içinde ady belli göreşijilerden Zubaýra Tuhugow, Islam Mahaçew, Şamil Abdurahimow we Edson Barbosa ýaly ady belli göreşijiler tertip boýunça çykyş ederler.

UFC-242 boljak duşuşyklaryň tertibi:

Annagulyýew Muhammetmyrat

Teswirler

Muhammetmyrat

Первый канал berya

Annageldi

Entäk doly translasiýa habar berlenok ýöne матч тв we первый канал ýaly kanallardan görkezmeli.

Berkeli

Haýsy teleýaýlym da görüp bolar kä? Türkmen sport teleýaýlym da görkezerler mi?