«Şatumar» hususy kärhanasy guwandyryjy netijeleri gazanýar

Türkmenistanda hususy ulgamyň çalt depginler bilen ösýän häzirki döwründe telekeçileriň daşary ýurtly önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde öndürýän önümleriniň hil derejesi ýokarlanyp, olaryň görnüşleri barha artýar. Işewür telekeçileriň tagallasy bilen hususyýetçiligiň ähli ulgamlarynda daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde guwandyryjy netijeler gazanylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Şatumar» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri halkymyzyň durmuşda gündelik ulanýan ýuwujy we arassalaýjy serişdelerini öndürip, ilatyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

Bu kärhanada, esasan, egin-eşikleri, gap-gaçlary, mebelleri arassalamakda, tämizlemekde we ynsan saglygyny gorap saklamakda giňden ulanylýan ýuwujy, arassalaýjy serişdeleriň suwuk görnüşini, diş arassalaýjy pastalaryň, şampunlaryň, sabynlaryň, ele we ýüze çalynýan ýaglaryň, otaga ýakymly ys berijileriň, hoşboý ysly müşkleriň köp mukdary öndürilýär. Bu ýerde oturdylan döwrebap tehnikalara öz ýerli hünärmenlerimiz başarjaňlyk bilen erk edýärler.

Häzirki wagtda kärhanada ýokary hilli ýuwujy önümleriň 100-den gowrak görnüşi bolup, göze gelüwli, owadan gaplara gaplanylyp, ýokary harytlyk derejesi üpjün edilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly önümlere ilatyň islegi barha artýar. Şonuň üçin kärhananyň ýokary hilli ýuwujy serişdeleri ýurdumyzyň ähli künjeklerine yzygiderli ugradylýar. Bu ýerde arassaçylygy üpjün etmek we ynsan saglygyny gorap saklamak maksady bilen, antiseptiki serişdäni köpçülikleýin öndürmek hem ýola goýuldy.

Owadangözel Nurýagdyýewa,
TOHU-nyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok