Bugatti kompaniýa ýokary tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýandygyny habar berdi. Bu rekordy Bugatti kompaniýanyň Chiron atly awtomobilinde ýerine ýetirdiler. Awtomobil bütin dünýä üçin öndürilýän Bugatti Chiron-dan çala üýtgeşmeleri geçirendigini aýtdy. Ýöne nähilidigini entäk habar bermediler. Awtomobili Endi Uolles atly sürüji dolandyryp, ol Bugatti Chiron 490,483 km/sag tizlige ýetirmegi başaryp dünýä rekordyny täzeledi. Bu rekord öň Koenigsegg kompaniýanyň Agera RS awtomobilindedi. Bu awtomobil 2017-nji ýylda 447 km/sag tizlige ýetmegi başarypdy.
Bugatti Chiron motory 8 litr W16 bolup 1500 at güýje barabardyr. Bugatti kompaniýanyň Prezidenti Ştefan Winkelman bu ýokary tizlikli görkezijini görkezip bilen ilkinji awtomobildigini aýtdy.
2017-nji ýylyň güýz aýynda Bugatti Chiron awtomobilini dolandyran Huan-Pablo Montoýa awtomobili bad aldyryp duruzmak boýunça 0-400-0 görkezijini 42 sekuntda ýerine ýetirip dünýä rekordyny goýdy. Emma bu görkezijini 1 aýdan soňra Koenigsegg kompaniýanyň Agera RS modeli 36,44 sekuntda ýerine ýetirip rekordy täzeledi.
Hamedow Abdulkerim
Teswirler
YALAN 2019 DA BUGATTI DIVO CIKDI
BUGATTI CHIRON CIKDI
bäh. Ýene 3-4 ýyldana maşynlary uçurjagam bular
Молодцы ребят так держать