Bütin dünýäde millionlarça adam sport bilen meşgullanýar. Sagdyn we uzak ýaşamak üçin günüň dowamynda belli bir wagtlaryny dürli sport oýunlaryna, türgenlişiklere aýyrýar.
Bu ýagdaý olaryň bedenine we ruhuna peýdaly täsirlerini ýetirýär. Ýagny, dürli kesellerden goranmak üçin Bütindünýä Saglyk Guramasy ululara we garrylara hepdede azyndan 150 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmagy maslahat berýär.
Sportuň käbir görnüşleri biziň ömrümizi has uzaldyp bilýär. Soňky ýyllarda adamlaryň, gözlegçileriň arasynda haýsy fiziki hereketiň we bedenterbiýe görnüşleriniň saglyga nähili täsir edýändigi barada gyzyklanmalary artdy.
Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň uzak ýaşamagy, hiç hili bedenterbiýe bilen gyzyklanmaýan ýa-da seýrek gyzyklanýan adamlaryňka garanyňda 34% belentdir. Emma bu umumy subutnama, sportuň ähli görnüşleriniň saglyga deň derejede täsir edýändigini aňlatmaýar.
Ylgawyň we futbolyň ýürek işleýşini, aerob kuwwatyny, metabolizmi, deňagramlylygy we agram ýagdaýyny gowulaşdyrýandygyny şertli we ortaça güýçli subutnamalar tapyldy. Futbol goşmaça muskullaryň işleýşine peýdalydygyny görkezýän maglumatlar lukmanlar tarapyndan aýdylýar.
Angliýada geçirilen barlaglar netijesinde sportuň aerobika, welosiped sürmek, futbol, ylgaw we suwda ýüzmek ýaly görnüşleri ýaşaýşy 15%, 27%, 28% we 47% uzaldýandygy ýüze çykaryldy. Amerikalylaryň, hytaýlylaryň geçiren barlaglarynda hem ylgamagyň 27% -40% ömrümizi uzaldmaga peýda etýändigi mälim edildi.
Her gün ir-säher arasssa howada ylgamak adamynyň diňe bir saglygyny gowlaşdyrman eýsem oňa ruhy taýdan goldaw hem berýär. Ir turup ylgap soňundan hem maşk geçsek, onda şol gün biz özümizi örän oňaýly duýýarys. Ýadawlyk duýgysy golaýmyzdan geçmez.
Bedenimiz üçin dogry maşky saýlamak özümize bagly bolup durýar. Bilşimiz ýaly her adama bir zat gowy täsir edip bilýär, şonuň üçin dogry maşky saýlap, yzygiderli ýerine ýetirip ömrümizi uzaldmak özümize bagly bolup durýar.
Öwez ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler