Çagalar üçin täze kir ýuwujy serişdeleri öndürülip başlandy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmen berk-metal» hususy kärhanasy ýakynda çagalar üçin täze kir ýuwujy serişdeleri öndürip başlady. «Arýa», «Ari» haryt nyşanly bu önümler 360 gram agyrlyk ýörite gaplarda bolup hil derejesiniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleri bilen ugurdaşlykda 400 ml hem-de 5 litr möçberde gaplanan «Arýa» haryt nyşany bilen antibakteriýal serişdelerini hem öndürýär. Esasy bellemeli zat, «Türkmen berk-metal» ýurdumyzda çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleriň önümçiligini ýola goýan ilkinji kärhana boldy.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda döredilen, ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna barabar bolan bu kärhana «Güneş», «Emaý», «Sar» ýaly haryt nyşanly kir ýuwujy, agardyjy, tämizleýji, lagym arassalaýjy önümleri düzüminde optiki agardyjylar, ys berijiler, şeýle-de egin-eşikleriň asyl durkuny saklaýan goşundylar bolup, olar elde we awtomatiki usulda kir ýuwmak üçin niýetlenip «Türkmenistanda öndürilen» ýazgy bilen dünýä bazarlaryna eksport edilýär. Ýewropanyň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan «Türkmen berk-metalyň» himiki arassalaýjy serişdeleri häzirki günde Özbegistan, Owganystan, Azerbaýjan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

Eziz Saparow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok