2019-njy ýylyň 28-ne Aşgabat şäherinde elektron sportuň muşdaklary we türgenleri üçin täze merkez öz işine başlaýar.
PlayStation we oýun kompýuterleri bilen enjamlaşdyrylan “Gameroom” elektron sport arenasy ýaşlaryň wagtyny gyzykly geçirmek, çalt pikirleniş ukyplaryny kemala getirmek we köpçülikleýin medeni dynç almaklary üçin hyzmata açylýar.
Häzirki wagtda merkezde elektron oýunlaryň “Fifa”, “Dota”, “Call of Duty”, “Auto Rally” we birnäçe beýleki wideo-oýunlary ýerleşdirildi.
Müşderileriň oňaýy hem-de saglygy göz öňünde tutulyp, ýumşak oturgyçlar, kada laýyk aralykda uly ekranlar ýerleşdirildi. Şeýle-de müşderileriň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, fiziki hereketleri ulanmagy talap edýän wideo oýunlary hem oýun goruna goşuldy.
“GameRoom” merkezi açylyş güni geljek müşderilerine hyzmatlaryndan ýeňillikli peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
Dünýäde meşhurlyk gazanýan elektron sporty, Türkmenistanda-da üns merkezinde. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde tejribe maksady bilen “Dota2” strategiýa oýny boýunça halkara ýaryş geçirildi.
Türkmenistanyň Elektron sporty boýunça federasiýasynyň guramagynda 2019-njy ýylyň 18-nji martynda elektron sporty boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň final oýnuny geçirdi.
Ylmy barlaglar elektron oýunlaryň wizual we pikirleniş ukyplarynyň kemala getirýändigini görkezse-de, çenden aşa wideo oýnamagyň bolsa zyýany barada nygtalýar.
Teswirler