Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» atly hepdelik elektron goşundysynyň nobatdaky 16-njy sany köpçülige çykdy.
Bu sanynda «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny barada maglumat berildi.
«Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýär» atly habarda «Türkmenistanyň ähli künjeginde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen geçirilýän biraýlyk dowam edýär. Bu ýurt möçberli çäre 30-njy sentýabrda tamamlanar,» diýilýär.
«Gandbol hakda söz açsaň» ady bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Pawel Perewaruha bilen taýýarlanan söhbetdeşlik ýetirilýär. Žurnalist Gurbangeldi Mämmetsähedow ussat tälimçi bilen söhbetdeş bolupdyr.
«Aşgabat 2017»-den galan keşpler» atly makalada žurnalist Batyr Berdiýew Aşgabat Azidasynyň geçen döwründe ýadynda galan täsirli pursatlary ýatlapdyr.
«Lionel Messä söz berýäris» atly terjime habar hem ýerleşdirilipdir.
Teswirler