Coutinho üçin täze topar, täze ädim

Resmi habara görä Philipe Coutinho 2019/20 möwsüminde Germaniýanyň Bayern Munich futbol toparynda oýnar.
Brazilýaly oýunçy Barcelonany 8.5 million eurolyk 1 ýyllyk ylalaşykly şertnama bilen terk etdi. Ýöne Bayern Munich oýunçynyň aýlygyny hem tölemek şerti öz üstüne almagy bilen kabul edildi.

Bu şertnama indiki ýyl möwsümiň gutarmagy bilen Coutinhony 120 million euro satyn almak pursady hem dörediljekdigini aýan edýär.
Katalon kluby bu täzeligi ýetirende “Barcelona Philipe Coutinhonyň bu alan kararyna we islegine bolan dogry garaýşyny köpçülikleýin aýan edýär we öz karýerasyndaky täze ädiminde uly üstünlikler dile getirmek isleýär” diýip nygtap geçdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok