Ýarym final duşuşyklar uly gyzyklanma döretdi…

Ýewropanyñ Çempiýonlar Ligasynyñ ýarym final duşuşyklary 18-19.08.2020ý. senelerinde oýnaldy.
Ýarym finala çykan 4 toparyñ ikisi Fransiýanyñ, beýleki iki toparam Germaniýanyñ kluplarydyr. Belkem, şular ýaly netije bu golaýda duşan zadymyz däl bolsa gerek, sebäbi Ýewropanyñ iñ gowy bäş ligasy sanalanynda ilkinji üçlügi Angliýanyñ Premier ligasy, Ispaniýanyñ La ligasy, soñra bolsa Italiýanyñ Serie A ligasy eýeleýär. Muňa garamazdan, bularyñ hiç biriniñ topary ýarym finala çykmagy başaryp bilmedi.
Ýarym finalyñ ilkinji duşuşygy Fransiýanyñ PSG topary bilen Germaniýanyñ Leipzig toparynyñ arasynda geçdi. Hasap 3-0 gol bilen PSG topary finala çykdy. Beýleki duşuşykda-da ýene iki döwletiñ toparlarynyñ arasynda boldy. Bu gezek 3-0 gol bilen ýeñen Germaniýanyñ Baýern Münhen topary bolup, olar Lýon toparyny ýeñmegi başardylar.
Final duşuşy PSG – Baýern Münhen toparlarynyñ arasynda 23.08.2020ý. senesinde Portugaliýada geçiriler.

Hudaýberdi Baýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok