KIA kompaniýasy özüniň Optima modelini K5 modeline öwürdi.

     2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde KIA kompaniýasy özüniň KIA K5 dünýä bazarynda KIA Optima ady bilen tanalýan modeliniň 5-nji nesili görkezdi. Täze KIA K5 özüniň 4-nji nesilinden örän uly üýtgeşmeleri geçirdi.

KIA K5 5-nji nesiliniň daş keşbiniň ajaýyp dizaýn çözgütlerine eýerip awtomobil owadan, sport we dinamiki görnüşine eýedir. Awtomobil sedan görnüşinde bolup fastbek stili eýerip, awtomobiliň öňünde  “ýürek urgy” şekilinde diod optikasy we gazaply bamperleri bilen özüne çekijiligini has ýokarlandyrýar. Awtomobiliň  häzirki wagtda trend bolan dizaýn çözgütlerine eýerip awtomobil yzky çyralary birikdirip awtomobiliň özüne çekijiligi bir basganjak ýokarlandyrdy.

Ýewropanyň ölçegi boýunça awtomobil göwrümi  E-segmentine degişli bolup: sedanyň uzynlygy 4905 mm, ini 1445 mm, beýiligi 1860 mm. Awtomobiliň agramy özüniň komplektasiýasyna baglylykda 1410-dan 1515 kg aralykda barabardyr.

Awtomobiliň içki dizaýny öňünde 2 sany multimediýa ekrany ýerleşdirilip, birinji ekran awtomobiliň ölçeg esbaplary üçin 12,3 dýumlyk ekran (başlangyç komplektasiýalara 4,3 dýumlyk ekran elýeterdir),  ikinji ekran bolsa ortada ýerleşdirilip 10,25 dýumlyk bolup sensor ekrany otyrdylandyr. Awtomobiliň içiniň dizaýny görnüşine göra tagta, metal ýa-da hakyky deri görnüşine hödürlenýar.  Awtomobil ýük goýulýan ýeri 500 litr barabardyr.

KIA K5 5-nji nesili dürli sebitler üçin birnäçe motorlarynyň görnüşlerini hödürleýär:

  1. Ilkinji görnüşi- 2 litr 4 silindr bolup  152 at güýç 192 nýuton metr barabar.
  2. Ikinji görnüşi- 2 litr 4 silindr bolup 160 at güýç 196 nýuton metr barabar.
  3. Üçinji görnüşi- 2,5 litr 4 silindr bolup 194 at güýç 246 nýuton metr barabar.
  4. Dörünji görnüşi- 1,6 litr turbo bolup 180 at güýç 265 nýuton metr barabar.
  5. Bäşinji görnüşi- 2,5 litr turbo kompressor bolup 290 at güýç 422 nýuton metr barabar.

     Awtomobil başlangyç diňe öňki tekerleri işleýän görnüşinde hödürlenip alyjylaryň islegine göra doly 4 tekeri işleýän görnüşinde hem alyp bilerler.

      KIA K5 häzirki wagtda gönimel bäsdeşleri bolup Hyundai Sonata, Toyota Camry ýaly awtoulaglar bilen dünýä bazarynda bäsleşýär.Awtomobil Günorta Koreýa üçin satlyga çykdy. Dünýä bazaryna awtomobil 2020-nji ýylyň güýz paslynda başlar. KIA K5 başlangyç bahasy 25.000 USD başlanýar.

Abdulkerim Hamedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok