Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gelen myhmanlar diňe bir işewür toparlardan ybarat bolmak, döredijik wekilleri hem gatnaşýar.
Russiýa Federasiýasynň Astrahandaky döwlet aýdym we tans topary, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gala konsert geçirmek üçin “Awaza” zolagya geldi. Toparyň direktory we çeper ýolbaşçysy Lawriýenko Aleksandr Mihailowiç, döredijilik topary barada gürrüň berdi.
Lawriýenko Aleksandr Türkmenistandaky ilkinji sapary däl. Ol öz topary bilen Aşgabatda bir çäräniň geçirilmegine gatnaşdy.
Aýratyn buýsanç bilen nygtalmaly zat, bu döredijilik topary, Astrahanda türkmen telekeçileri tarapyndan gurulan “Magtymguly Pyragy” orta mekdebiniň hem açylyş dabarasynda, medeni çärelerine guramaçylyk edip, türkmenistanly egindeşleri gowy çykyşlar goýdy. Dana akyldaryň 290 ýaş ýubileýini hem hut şu mekdepde uly şowhun bilen belläp geçdiler.
Ussat sungat işgäri Lawriýenko Aleksandr, 55 ýyl bäri döredijilik bilen meşgullanýar. Häzirki toparyna bolsa 11 ýyl bäri ýolbaşçylyk edýär.
Lawriýenko Aleksandr forumyň myhmanlaryna örän gyzykly konsertiň garaşýanyny paýlaşdy.
Teswirler