Çagalary goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Bagtyýarlyk sport toplumynda aşgabatly ýaşlaryň arasynda küşt boýunça bäsleşik geçdi.
Bäsleşikde Aşgabat şäheriniň 48-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Abdyrahman Rahymow 1-nji ýere eýe boldy. Ol 13 duşuşykdan 11,5 utuk bilen saýlanmagy başardy.
2-nji orna – 11/13 utuk Yhlas Amangeldiýew (Aşgabat şäheriniň 39-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy), 3-nji orna bolsa 9,5/13 utuk bilen Meret Akgaýew (Aşgabat şäheriniň 7-nji synp okuwçysy) mynasyp boldy.
Sport çäresi Türkmenistanyň Milli sport oýunlarynyň merkezi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýaasynyň Aşgabat şäher kommiteti bilen bilelikde guramagynda geçirildi.
Teswirler