Türkmenistan, 13-16 maý aralygynda Baku şäherinde geçirilecek Azerbaýjanyň 18-nji Halkara oba hojalyk sergisi we 30-njy ýubileý Halkara azyk senagaty sergisine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu çärelerde 30-dan gowrak ýurtdan 450 kompaniýanyň gatnaşjakdygy habar berildi. Sergiler türkmen kärhanalaryna öz önümlerini halkara bazarynda tanatmaga, täze hyzmatdaşlar we maýadarlar tapmaga mümkinçilik berer.
Bakudaky sergiler, türkmen kärhanalaryna oba hojalygy we azyk senagatyndaky üstünliklerini görkezmäge, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasiýalary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döreder. Bu sergilere Germaniýa, ABŞ, Günorta Koreýa, Italiýa, Eýran, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan we Russiýa ýaly ýurtlar hem gatnaşar.
«Caspian Event Organizers» kompaniýasynyň wekili Bahruz Hidaýatzade, sergileriň dört gün dowam etmeginiň gatnaşýanlara işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin has köp wagt we mümkinçilik berýändigini aýtdy. «Caspian Agro» sergisi häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryny, halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegi we pudagyň innowasiýa çözgütlerini goldamagy maksat edinýär.
Mähriban ESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.
Teswirler