Berkarar döwletimiziň syýasatynyň özeninde adam we onuň saglygy durýar. “Ynsan saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy” diýen ýörelge ýurdumyzda alnyp barylýan ähli durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş we bilim maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi, häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy we ilatyň saglygyny goramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda welaýatlarda, etraplarda täze döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Munuň özi ilatyň lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, keselleriň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama arkaly ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri wagyz edilýär, keselleriň öňüni alyş çäreleri güýçlendirilýär.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine we ýokary tehnologiýalara esaslanýan sanly hyzmatlar giňden ornaşdyrylýar. Elektron resminamalar, sanly registrler, online maslahatlar ýaly mümkinçilikler lukmançylyk hyzmatlarynyň tiz we hil taýdan ýokary derejede ýerine ýetirilmegine ýardam berýär.
Ynsan saglygyny goramak diňe bir lukmanlaryň ýa-da döwlet edaralarynyň däl, bu ähli jemgyýetiň öňünde duran borçdur. Her bir raýat öz saglygyna jogapkärli çemeleşmeli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, zyýanly endiklerden daşda durmalydyr.
Umuman aýdanyňda, sagdyn nesli terbiýelemek, güýçli we üstünlikli döwleti gurmak ýolunda adam saglygynyň döwlet derejesindäki baş gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegi — ýurdumyzyň ösüşiniň we geljeginiň berk binýadydyr.
Muhabbet AZZIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler