Täze film: «Gyz kasamy»

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Gyz kasamy» atly täze çeper filmi surata düşürmek işleri uly depgin bilen alnyp barylýar.

Filmiň režissýory Sahysalyh Baýramow bolup, filmde 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýakynlaryna garaşan türkmen zenanlarynyň durmuşyndan hakyky wakalary beýan edilýär. Filmde tylda edermen zähmet çeken zenanlar hakda gürrüň berilýär.

Filmiň aglaba bölegi Lebap welaýatynyň Kerki, Saýat we Halaç ýaly sebitlerinde surata düşürilýär. Şol sebäpli hem Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri döredijilik işine gatnaşýarlar. Mundan başga-da, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem öz zehinini görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Şu ýylyň maý aýynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen filmiň ilkinji görkezilişi bolar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok