Brifing çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” bagyşlanyp  Parahatçylyk, Ynanşmaklyk ýörelgelerine wagyz etmäge gönükdirilen brifing çäresi geçirildi.

Bu brifing çäresine, Türkiýede tanymal okuw jaýlaryň biri Bahçeşehir uniwersitetiniň ýolbaşçylary, Stambul şäherindäki ýokary okuw jaýlarynyň TÜRK DÜNYASI klubynyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň talyp ýaşlarynyň wekilleri hem-de ýerli Habar beriş serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly M.Öwezow öz çykyşynda ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýokary derejede geçiriljek Halkara derejesinde çärelere ýygnananlaryň aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle-de Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de şu ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolýandygy nygtaldy.

Çäraniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda Göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok