Dil adamzat siwilizasiýasynyň esasyny düzýän möhüm serişdeleriň biridir. Ençeme ýyl bäri adamlar birek-birek bilen aragatnaşyk etmek, bilim almak, medeni mirasy saklamak we ösdürmek, şeýle-de dünýä garaýyşlaryny giňeltmek üçin dilleri ulanyp gelýärler. Dil öwrenmek – diňe bir täze sözleri ýatda saklamak däl-de, eýsem, täze medeniýetleri, pikirleniş usullaryny we dünýägaraýyşlary hem özleşdirmekdir.
Dil öwrenmek akademiki we hünär taýdan uly mümkinçilikleri açýar. Häzirki zaman dünýäsi globallaşan we hyzmatdaşlyk edýän gurşaw bolup durýar. Köp ýurtlarda bilim almak ýa-da ýokary wezipelere ýetmek üçin iň azyndan bir daşary ýurt dilini bilmek zerurlyk hasaplanýar. Iňlis, hytaý, ispan, rus, fransuz dilleri halkara aragatnaşykda we ylmy-barlag işlerinde giňden ulanylýar.
Dil medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, ony öwrenmek arkaly beýleki milletleriň däp-dessurlaryny, pikirleniş ýörelgelerini we sungat eserlerine has gowy düşünmek mümkin bolýar. Meselem, bir edebi eseri asyl nusgasynda okamak bilen, terjime arkaly okamak, tapawutly tejribe bolup biler. Dili öwrenmek, şol diliň halkynyň dünýägaraýşyna göz aýlamaga mümkinçilik berýär.
Dil öwrenmek beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýar. Köp dil bilýän adamlar pikirleniş tizligi we çözgüt tapmak ukyby boýunça artykmaçlyklara eýe bolýarlar. Mundan başga-da, daşary ýurt dilini öwrenmek ýady güýçlendirýär we uzak möhletleýin ýatda saklamak başarnygyny ösdürýär.
Täze dil bilmek syýahat wagtynda kynçylyksyz aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Ýerli halk bilen düşünişmek, olaryň medeniýeti bilen has içgin tanyşmaga we has gyzykly tejribe gazanmaga kömek edýär. Şeýle hem, dürli ýurtlardan gelen adamlar bilen dostluk gurmaga we dünýäni giňişleýin tanamaga ýol açýar.
Häzirki wagtda ylmy barlaglar, internet we tehnologiýa esasan iňlis dilinde alnyp barylýar. Informatika, inženerçilik, lukmançylyk ýaly ugurlarda daşary ýurt dilini bilmek täze maglumatlary çalt kabul etmäge we ylmy ösüşlere goşant goşmaga kömek edýär.
Şadurdy MYRADOW,
pedagog.
Teswirler