Gülläp ösýän Türkmenstan döwletimiz toý-baýramlaryň mekany hasaplanýar. Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni hem ýetip geldi. Halkymyzyň tuwagy hasaplanýan zenanlaryň hormatyna bellenilýän dabaralarda ene keramaty, gelin-gyzlaryň gözelliginiň tarypy, şan-şöhraty ýene bir gez beýgelýär. Zenan mertebesine goýulýan sarpa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar baradaky edýän aladalarynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda nygtaýşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar güni bellenilende, türkmenistanlylar özleriniň mähriban enelerini, ejelerini, uýalaryny, wepaly ýanýoldaşlaryny bu baýram bilen ýürekden gutlaýarlar. Şonuň üçinem bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary has-da üýtgeşik, ýakymly duýgulary başdan geçirýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar eneleri, gelinleri, gyzlary bolmak bagty bolsa şol ajaýyp duýgularyň özenini düzýär.
Halkymyzyň dowamaty bolan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mähriban zenanlarymyzyň uly hyzmatynyň bardygyny aýratyn belläp geçmek zerurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ösdürmek, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy we dynç alşy üçin ähli şertleri üpjün etmek wezipeleri ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Baky berkarar döwletimizde aýal-gyzlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, okamaklary, işlemekleri, perzentlerini Watana wepaly adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekleri üçin ähli şertler bar. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy, päk zähmetleri bilen aýratyn hyzmatlary bitiren zenanlaryň Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe enelerimize, gelin-gyzlarymyza nähili belent sarpa goýulýandygyna şaýatlyk edýän buýsançly subutnamadyr.
Goý, mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutup, olary bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmak üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maral JUMAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.
Teswirler