Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyny ösdürmekde hem tutumly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlar ýokary iş öndürijiligi bolan tehnikalar, ýokary hilli tohum, mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere besleýärler. Kärendeçiler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylyny zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýärler. Bol hasyla bil baglaýan kärendeçiler ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek işlerini utgaşykly alyp barýar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar ýakyndan ýardam berýärler. Tejribeli, tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirip, suwy, döküni ýetik ekinleriň boý alşyna buýsanýarlar.
Häzirki günlerde ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň, ýaşyl öwüsýän bugdaýly meýdanlara, ene topraga yhlas siňdirip, şu ýylyň bol hasyly üçin gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýän gallaçy kärendeçilere, başarjaň mehanizatorlara gabat gelýärsiň. Olar şu günki aladalaryň Watan harmanynyň belent bolmagyna mynasyp goşant goşmakda uly ähmiýete eýe bolup durýandygyna oňat düşünmek bilen, işleriň depginini barha güýçlendirýärler.
Hormatly Prezidentimiziň toprakdan bol hasyl almak üçin berýän kömek goldawlary ekerançylarymyzy ýeňişli sepgide ýetmäge ruhlandyrýar. Tohum, suw, dökün, tehnika bilen üpjünçiligi gowy daýhanlar topraga ekleýjisi hökmünde garap, çekýän zähmetiniň hözirini görýärler. Olaryň hemişe ruhy belent, gadamy batly, ümzügi öňe. Kärendeçilerimiziň her biri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Begenç DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler