2025: Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi resmi taýdan habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Türkmenistanda her ýyly döwrüň möhüm wakalaryna bagyşlap, aýratyn at bermek däbe öwrüldi. Şol däbe eýerilip, Türkmenistanyň Mejlisiniň teklibi esasynda 2025-nji ýyl üçin at we nyşan tassyklanyldy. Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa bu barada degişli Karary Ministrler Kabinetiniň mejlisinde okady.

Türkmenistanyň Prezidenti gelip gowşan teklibi makullap, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini hem nygtady.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini we bu toparyň ýolbaşçylygyny Halk Maslahatyna tabşyrmagyň maksadalaýykdygyny belledi. Ol meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini aýratyn belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok