Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine degişlidir.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda biz ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmäge uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz aýratyn nygtaýar. Şu maksat bilen, kompýuter ulgamy we häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri kämilleşdirilýär, önümçilik awtomatlaşdyrylýar, elektron resminama dolanyşygy ornaşdyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimizi has-da berkider.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz halkara syýasatçylygyny ösdürmäge, syýahatçylyk ugurlarynyň çäklerini giňeltmäge, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyza gelip görmäge isleg bildirýän daşary ýurtly myhmanlaryň sany barha artýar. Kabul edýän tarapyň tagallasy bilen gyzykly ugurlaryň ençemesi işlenip taýýarlanylýar.
Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çözgüt köptaraply halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň çözülmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenlere taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Alişer ANNAMÄMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler