Gannet – gök aýakly täsin tansçy guş

Tebigatyň döreden täsin guşyny ilkinji gezek göreniňde, aýaklary ýörite boýalan ýaly gaty ajaýypreňkler bilen çekilen surata meňzeýär. Emma ol tebigatyň şekillendiren üýtgeşik hakykaty. Bu ajaýyp täsinligi Galapagos adalarynda görmek bolýar, sebäbi ol ýerler Gök aýakly täsin tansçy guşyň watany hasaplanýar. Bu guşlar başgaça Gannet ady bilen tanalýar. “Gannet” ady “boob” sözünden gelip çykýar. Ispaniýanyň “bobo” – “samsyk, gülkünç” sözlerinden gelip çykýan bu guşuň iňlis ady bolup durýar. Gannetler  ýöreýişleri we aşa hereketligi sebäpli bu ady gazanypdyrlar.

Rus alymy Wladimir Dal bu sözi “boob” sözüniň ýanynda goýandygyny ýazýar. Manysy “sada, ýönekeý” diýmegi aňladýar diýýär. Başga çeşmelerde bolsa Sula- nyň umumy ady samsyklyk bilen duýulmaýar, Norwegiýanyň adyndan gelip çykýar  diýen pikirlerem bar.

Gök aýakly guşjagazyň aýratyn taraplarynyň biri hem aýaklaryny täsin hereket etdirip tans etmegi bolup durýar. Şonuň üçin oňa tansçy guşjagaz hem diýilýär. Bu guşuň uzynlygy 80 sm. Guşuň agramy takmynan 1,5 kg. Oňa başgaça tansçy  Boobi diýsek hem ýalňyşmaýarys! Olaryň aýaklary açyk gök bolmagy hem täsinliginiň subutnamasy bolup durýar. Guýrugy we ganatlary adatça uzyn we ajaýyp ýelekler bilen örtülendir. Onuň ýumurtgasynyň reňki aýaklaryndaky ajaýyp reňkiler bilen sazlaşýar. Bu hem onuň täsin taraplarynyň ýene-de bir görkezijisi bolýar. Guşlar Merkezi we Günorta Amerika adalarynda höwürtge döredýärler. Olaryň höwürtgeleýän ýerleri biri-birinden has uzakda ýerleşýär.

Çekilen surata meňzeş bolan owadan guşuň waspyna gutarma ýok. Sebäbi bu guşjagaz tebigatyň ajaýyplyklarynyň dürüniň biri bolup durýar!

Taýýarlan: Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok