Şorlaşma we çölleşme garşy tehniki çäreler

Gidromeliorasiýanyň esasy wezipeleriniň biri şorlaşma we çölleşme garşy göreşmekdir. Şorlaşma ýerleriň hasyllylygyny peseldip, ekinçilikde uly kynçylyk döredip biler. Şonuň üçin ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we şorlaşan ýerleri durnukly ýagdaýa getirmek üçin ýörite tehniki çäreler amala aşyrylýar. Şeýle çäreleriň käbiri:

Şorlap barýan topraklary arassalamak – Topraga mineral duzlaryň ýygnanmagy onuň hasyllylygyny azaldýar. Şonuň üçin ýörite arassalaýyş tehnologiýalary we melioratiw işleri geçirilýär. Bu işler toprakdaky duzlary azaltmak we ony ekinler üçin has amatly ýagdaýa getirmek üçin edilýär.

Özbaşdak ulgamlar bilen çölleşmäni dolandyrmak – çölleşme gidromeliorasiýanyň iň uly kynçylyklaryndan biridir. Häzirki döwürde barlagçylaryň geçiren işleriniň netijesinde çölleşmä garşy gurak ýerlerde topragyň çyglylygyny saklaýan we daşky gurşawdan alnan maglumatlar bilen işlenip düzülen awtomatiki dolandyryş ulgamlary döredildi.

Gidromeliorasiýanyň ähmiýeti diňe oba hojalygy bilen çäklenmän, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga hem uly goşant goşýar. Esasan hem suwdan tygşytly peýdalanmak we ýerleriň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak ýaly çäreler gidromeliorasiýanyň möhüm taraplarydyr. Bu çäreler daşky gurşawyň goralmagyna, ýerasty suwlaryň köpelmegine, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň durnukly saklanmagyna täsir edýär.

Geljekde gidromeliorasiýanyň ylmy we tehnologiki esasda has kämilleşjekdigi öňden bellenilýär. Gidromeliorasiýada robot tehnologiýalarynyň ulanylmagy, ýörite algoritmler bilen dolandyrylýan suwaryş ulgamlarynyň döredilmegi we sensorlardan alnan maglumatlaryň üstünde işlenmegi ýaly mümkinçilikler dünýäniň dürli künjeklerinde barha giňden ulanylýar. Şeýle-de, gidromeliorasiýada ýelden energiýa öndürmek, ekin meýdanlarynda çyglylygy dolandyrmak ýaly tebigy serişdelerden peýdalanmak bilen suwdan has netijeli peýdalanmak usullary ösdürilýär.

Gidromeliorasiýa diňe bir oba hojalygy üçin däl, eýsem ähli dünýä üçin möhüm orny eýeleýän ugurdyr. Suwaryş ulgamlarynyň tehnologiýa bilen birleşmegi, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna we ekologiýanyň goralmagyna uly goşant goşýar. Geljekde gidromeliorasiýanyň tehnologiýa bilen utgaşmagy we onuň täze çözgütler bilen utgaşdyrylmagy arkaly has gowy netijeler gazanylmagy ahmal. Şeýlelikde, gidromeliorasiýa oba hojalyk bilen baglanyşykly ugurlarda täze mümkinçilikleriň açylmagyna we häzirki döwrüň öňe ilerlemäge bolan islegini gazanmaga ýardam berjek esasy ugur bolup galýar.

Nedir RAHYMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok