Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýollarynyň uzynlygy 3080 km barabardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda olaryň uzynlygy 900 km çenli artdy. Tejen-Sarahs, ”Türkmenabat”-Atamyrat, Daşoguz-Köneürgenç, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ýaly täze demir ýollary guruldy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. Geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdireniňde ýük daşamaklygyň göwrümi artdy. Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irisi bolup durýar. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar.
Merjen ANNAÝEWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler