13 döwlet BRIKS guramasynyň hyzmatdaş-ýurt derejesini aldy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen BRICS sammitinde 13 döwlet BRIKS guramasynyň hyzmatdaş-ýurt derejesini aldy. Olar: Gazagystan, Alžir, Belarus, Türkiýe, Boliwiýa, Kuba, Indoneziýa, Malaýziýa, Tailand, Uganda, Özbegistan we Wýetnamdyr.

BRIKS topary 2006-njy ýylda Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý tarapyndan döredildi, 2011-nji ýylda gurama Günorta Afrika Respublikasy, 2024-nji ýylda Müsür, Eýran, BAE we Efiopiýa agza boldy.

Mälim bolşy ýaly, BRICS 2006-njy ýylda Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde esaslandyryldy we şondan bäri geçen döwürde dünýäniň abraýly düzümleriniň birine öwrüldi. Guramanyň ady oňa gatnaşyjy ilkinji bäş ýurduň — Braziliýa Federatiw Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de 2011-nji ýylda bu gurama goşulan Günorta Afrika Respublikasyň atlarynyň ilkinji harplaryny aňladýar. Soňra gurama doly hukukly agza hökmünde Müsür Arap Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran Yslam Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy goşuldy. Bu döwletara birleşigiň çäklerindäki hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak, açyklyk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Bu bolsa dünýäniň beýleki ýurtlary üçin guramanyň özüne çekijiligini artdyrýar.

Güýçmyrat AMANBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok