Sanly ulgamlar bilen Türkmenistany döwrebaplaşdyrmak

Türkmenistanda sanly ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň ykdysadyýeti we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy esasynda, dürli pudaklarda maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ýokary tizlikli internet we sanly hyzmatlar, hususan-da 3G, 4G we 5G mobil aragatnaşyk ulgamlary arkaly ilatyň tehnologiýalara elýeterliligi artýar. Şeýle-de, telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösdürilmegi bilen, çetki sebitlere hem internet hyzmatlary hödürlenýär.

Şu maksatnamanyň çäginde, telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, TürkmenÄlem 52°E emeli hemrasy arkaly oba ýerlerine internet hyzmaty elýeterli edilip, milli aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär. Mundan başga-da, sanly hyzmatlar arkaly elektron söwda, nagt däl tölegler, we sanly bilim ulgamynyň ulanylyşy artýar.

Bu ösüşler diňe bir ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak bilen çäklenmän, saglygy goraýyş, bilim, we ulag-logistika ulgamlarynda hem täzelikleriň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanda sanly ulgamlaryň ösdürilmegi ýurduň geljekki ykdysady ösüşine täze mümkinçilikleri açýar​.

Tuwakgül Hojaýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň Ýokary matematika
we informatika kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok