Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyly, halkymyzyň bagtyýar durmuşy

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly buýsanç we dabaralar bilen belleýär. Garaşsyzlyk, halkymyzyň iň gymmatly gazananlarynyň biridir. Garaşsyz döwlet bolmak biziň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwynyň amala aşmagydyr. Bu beýik gymmatlyk diňe bir syýasy özbaşdaklygy aňlatman, eýsem halkymyzyň erkana durmuşy, milli bitewüligi, türkmen halkynyň öz ykbalyny öz erk-islegi bilen kesgitlemeginiň güwäsi bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan durmuş-ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşykly giň möçberli maksatnamalary öz içine alýar. Ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün edýän bu çäreler biziň Garaşsyzlygymyzyň mizemezligini tassyklaýar.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, hususan-da, gaz we energiýa serişdeleri bilen global bazarda eýeleýän orny hem Garaşsyzlygymyzyň çuňňur esaslandyrylan binýadyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan halkara giňişlikde durnukly ösüşe mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň diňe bir içerki bolman, eýsem halkara abraýyny ýokarlandyrýan giňden bellenýän senedigini äşgär edýär.

Ogulşirin Öwezgeldiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

Informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok