Türkmenistanyň giň möçberli milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň oba hojalygyny ulgamlaýyn hem-de ylmy esasda ösdürmäge, däne we galla ekinleriniň tohumçylygyny we seleksiýasyny önümçilige ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly bugdaýyň täze görnüşlerini döretmäge, ýetişdirmäge, synagdan geçirmäge we bol hasyl alynmagyny üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny, şeýle hem ýokary hünär ussatlygyny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Iwan Iwanowiç Kuzmine Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmaly we oňa «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry.
Teswirler