Türkmen türgenleri 2028-nji ýylda geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlanylar

2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlary geçiriler. Häzirki wagtda bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary hem uly taýýarlyk görýär.

Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Sportuň dünýä ýüzünde giň meşhurlyk gazanandygy üçin bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Döwletimiziň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport merkezleri, türgenleşik zallary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dürli görnüşli sport çäreleriniňdir bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwletimiziň sport abraýyny artdyrýar.

Nesip bolsa, 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň iň güýçli türgenleri Watanymyzyň sport abraýyny gorar.

Süleýman AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok